DÜNÝÄ

Putin 27-29-njy maýda Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 27-29-njy maý aralygynda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Sapar Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar. Gepleşikleriň dowamynda döwlet baştutanlary Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň we soýuzdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, 28-nji maýda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Ýewraziýa ykdysady forumy, 29-njy maýda bolsa Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Related posts

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Türkiye’de Türkmenistan konulu video konferans toplantısı

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda optiki-süýümli ulgam dörediler