Tataristanyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki sany alabaý iti gowşuryldy — bu türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgadydyr. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Ýatlap geçsek, bir hepde mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri «KazanForum» forumyna gatnaşmak üçin Kazanda saparda bolupdy. Saparyň çäginde oňa 2021-nji ýylda Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly alabaýynyň nähili ulalandygyny görkezdiler. Akdostyň dürli ýaryşlardaky üstünliklerinden ruhlanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri respublika ýene iki sany alabaý ibermek barada karara gelipdi.
Alabaýlar mart aýynda dünýä indi. Erkek alabaýa Alabaý, urkaçysyna bolsa Alaja diýip at dakdylar. Alabaýlaryň şahadatnamasyny Rustam Minnihanowa Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti Batyr Rejepow gowşurdy.

Tataristanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderine özüniň hoşallyk we çuňňur hormat arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. «Biz hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiçden «KazanForum» forumyna gelendigi üçin hoşaldyrys. Ol iki sany alabaýy ibermegi wada beripdi. Alabaý we Alaja indi biziň ýanymyzda. Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine we bütin doganlyk türkmen halkyna biziň respublikamyza hem-de ýurdumyza bolan aýratyn garaýşy üçin sagbolsun aýdýarys» diýip, Rustam Minnihanov belledi.
Alabaýlary respublikanyň Baştutany bilen bilelikde Kazanyň «Ýaş kinolog» klubynyň agzalary garşylady. Gürrüňdeşligiň dowamynda Sport we amaly itşynaslyk federasiýasynyň tälimçisi, kinolog Mariýa Haýrullina çagalara alabaýlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. «Bu ajaýyp tohum. Olar owadan we akylly. Öz maşgalasyna örän wepaly, çagalara bolsa sabyrly çemeleşýärler. Alabaýlar üýtgeşik goragçylardyr, şonuň bilen bir wagtda olar özüniň asuda we saldamly häsiýeti bilen tapawutlanýarlar» diýip, ol aýtdy.
Türkmen alabaýy — Türkmenistanyň milli buýsanjynyň nyşany we baýlygydyr. Bu tohum dünýäniň iň gadymy it tohumlarynyň biri hasaplanýar. Taryhçylara bu tohumyň 4 müň ýyldan gowrak taryhynyň bardygy mälimdir.
