Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy. Dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmak, bazar gatnaşyklaryny halkara hukuga laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Bu topar tarapyndan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň milli bähbitlerimize laýyk gelýän ähli ugurlary içgin seljerilip, guramanyň agzasy bolmak üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeden itergi bermek babatda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek maksady bilen iş topary döredildi. Şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu gurama bilen hyzmatdaşlyk bölümi açyldy.
Häzirki wagtda BSG bilen alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 10-njy iýunynda geçirmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly bu guramanyň çäklerinde döredilen Türkmenistan boýunça iş toparyna başlyklyk etmek üçin doly ygtyýarly agza ýurtlaryň arasyndan birini kesgitlemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda BSG bilen bilelikde Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan ýurtlaryň arasyndan saýlamak we kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmäge başlamak baradaky teklip beýan edildi.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly gepleşikleri alyp barjak Milli gepleşik toparyny döretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli gepleşik toparynyň düzümini kesgitlemek we tassyklamak, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen bilelikde bu toparyň wekillerini degişli taýýarlyk okuwlaryna we gurama tarapyndan geçirilýän mejlisleriň işine synçy hökmünde gatnaşdyrmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
