JEMGYÝET

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde söwda-ykdysad ugurlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn ahmiýet berildi.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow GDA döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň okgunly ösüşe eýedigini belledi.

Berlen maglumatlara görä, Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard ABŞ-nyň dollaryndan geçdi. Şol bir wagtyň özünde, 2026-njy ýylda özara söwdanyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterimden gowrak artyp, 1 milliard ABŞ-nyň dollaryndan gowrak boldy.

Çykyşyň dowamynda GDA-nyň hyzmatdaşlygy berkitmek we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm sebit meýdançasy bolup galýandygy bellenildi. Häzirki şertlerde, ählumumy wezipeleriň we tehnologik üýtgeşmeleriň giňişliginde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmeginiň zerurdygy nygtaldy.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarda uly tejribäniň toplanylandygy bellenildi.

Related posts

Türkmenistan ile ABD ekonomik işbirliği ele alındı

vepa

Rönesans Holding, Türkmenistan’da otel inşa edecek

vepa

Brezilya Devlet Başkanına taziye

vepa