Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabatda bolýan Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy geçirildi diýip, “Howar” täjik milli habarlar agentligi habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikiçäk hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri gözden geçirildi.
Täjigistan ile Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösýändigi aýratyn bellenildi.
Taraplar özara söwdanyň möçberini has-da artdyrmak meselelerine hem aýratyn üns berdiler.
Şu nukdaýnazardan, duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary öňe sürmekde netijeli meýdança bolup durýan Täjigistanyň we Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň möhüm ornuny bellediler.
