Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy. Şol forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler, emeli aň, bilim özgertmelerini dolandyrmak, mugallymlary taýýarlamak hem-de bilim tehnologiýalarynyň netijeliligine baha bermek ugurlarynda işleýän halkara guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
“OpenAI” kompaniýasynyň wekilleri bilen bilim ulgamynda emeli aňy jogapkärçilikli ulanmagyň geljegi barada pikir alyşmalar geçirildi. “OpenAI”-niň wekilleri ýörite işlenip taýýarlanan “ChatGPT Edu” görnüşiniň üsti bilen mugallymlary, talyplary, gözlegçileri we dolandyryş toparlaryny goldamak üçin AI gurallaryny ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezdiler.
Duşuşyklarda mugallymlary emeli aňy ulanmaga taýýarlamak, bilim edaralarynda emeli aňy ulanmak boýunça içerki düzgünleri işläp taýýarlamak, maglumatlary goramak we şeýle çözgütleri synagdan geçirmek üçin gözegçilik edilýän gurşawy döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň amaly dowamy hökmünde elýeterli bilim önümleri, okuw serişdeleri we şeýle tehnologiýalary howpsuz synagdan geçirmek görnüşleri boýunça maglumat alyşmak mümkinçiligine hem seredildi.
