MEDENIÝET

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, medeniýet we sungat ussatlarymyz diňe öz ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary, ýagny, milli däp-dessurlarymyz, aýratynlyklarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, urp-adatlarymyz bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrýarlar.

2026-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde geçirilen 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşan ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlarynda, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň dürdäneleri dünýä ýaýyldy. Nepis amaly-haşam eserlerimiziň sergilenmegi bolsa, türkmen halkynyň zergärçilik önümleri bolan milli şaý-seplerine hormat-sarpasynyň örän uludygyny aýdyň açyp görkezdi. Festiwala gatnaşyjylar amaly-haşam gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiziň, halylarymyzyň, el işlerimiziň nepisligini, gözelligini haýran galmak bilen synladylar. Halkara senetçilik festiwalynda bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi