2026-njy ýylyň 18–19-njy maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Daşkent halkara migrasiýa forumy (TIMF-2026) geçirildi. Bu forum sebitde we dünýäde howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretdi.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Forumyň gün tertibi global migrasiýa syýasaty ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen söhbetdeşlikleriň dowamynda migrasiýany durnukly ösüş ulgamynda howpsuz hereketliligiň şerti hökmünde garalmagyna, şeýle hem zähmet migrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, şol sanda migrantlaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns berildi.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde gender syýasatyny amala aşyrmagyň we aýal migrantlaryň durmuş hem-de hukuk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri seljerildi. Şunuň bilen birlikde, bilermenler ekologik faktorlaryň we howanyň üýtgemeginiň ilatyň migrasiýasyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşkentde geçirilen bu forum halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ýardam edip, häzirki zaman global migrasiýa ulgamynyň çäklerinde döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Forumyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
