DÜNÝÄ

WUF13:Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilýän Şäherleriň Bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine (WUF13) gatnaşýar.

Şol halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda maýa goýumlary, ulag, logistika we üstaşyr ulgamlaryndaky gazanylan üstünliklere üns çekildi, şeýle hem söwda, energetika we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mikail Jabbarowyň “X” jemgyýetçilik torundaky hasabynda habar bermegine görä, Azerbaýjan tarapy Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu saparyna ýokary baha berdi:

«Şäherleriň Bütindünýä forumynyň (WUF13) çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowy ýurdumyzda kabul etmekden şat bolduk. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, maýa goýumlary, ulag, logistika we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler, şeýle hem söwda, energetika we beýleki ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi uly taraplary maslahatlaşyldy».

Related posts

Mirziýoýew ilçiler üçin täze wezipeler kesgitledi: eksport, syýahatçylyk we kanuny zähmet migrasiýasy

ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen gelýär

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar