JEMGYÝET

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Windzor galasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Bu duşuşyga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Patyşa Karl III türkmen halkynyň Milli Lideriniň “At-myrat” atly paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi.

Patyşa Karl III geljekde ahalteke bedewleriniň üsti bilen iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Şonuň ýaly-da, Karl III geljek ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke türkmen bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Patyşa Karll III bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belledi.

Şeýle hem ol Oguljahan Atabaýewanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyllybaşlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýändigini aýtdy.

 

Related posts

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

2023-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 46 mejlisi geçirildi

Çini sanatçısı İbrahim Kuşlu’nun eserlerine büyük ilgi

vepa