JEMGYÝET

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki “KazanExpo” halkara sergi merkezinde geçirilen “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralan sergä gatnaşdylar. Bu iri halkara çäre Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýän abraýly meýdança hökmünde giňden ykrar edilýär.

“Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” atly sergide Türkmenistanyň Milli pawilýony görkezildi. Türkmenistanyň bu forumda iň uly hem-de giň gerimli pawilýon bilen gatnaşandygy bellenildi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow belläp geçdi.

Türkmenistan dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen bir hatarda türkmen haly we haly önümleri daşary ýurt myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Related posts

Türkmenistan ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýär

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Ata Watan Eserleri