BILIM

Ýaşlar üçin amaly biznes sapagy: «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar»

Aşgabat şäherindäki S​.A​. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda «Biznesiň skeleti​ – Rollar we paýlar» atly açyk sapak ýokary derejede geçirildi. Kadyrberdi Nurberdiýew​ öz tejribesine daýanyp, biznesi gurmakda diňe bir ideýanyň däl, eýsem dogry gurluşyň hem möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara biznesiň içki arhitekturasy, rollaryň netijeli paýlanyşy we jogapkärçiligiň takyk kesgitlenmeginiň kompaniýanyň ösüşine nähili täsir edýändigi barada gymmatly maglumatlar berildi. Belläp geçilişi ýaly, her bir üstünlikli kompaniýanyň binýady anyk kesgitlenen rollardan, düşnükli jogapkärçilikden we deňagramly paý gurluşyndan ybaratdyr.

Kadyrberdi Nurberdiýew​ öz çykyşynda biznesde tertip-düzgüniň we dolandyryş ulgamynyň bolmazlygynyň köp halatlarda üstünliksizlige getirýändigini aýratyn nygtady. Şeýle-de ol, dogry gurluşyň döredilmegi bilen islendik ideýanyň durnukly we dolandyrylýan ulgama öwrülip bilýändigini mysallar arkaly düşündirdi.

Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, amaly maslahatlary aldylar. Bu bolsa çäräniň diňe teoriýa bilen çäklenmän, eýsem amaly taýdan hem ähmiýetlidigini görkezdi.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S​.A​. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP​-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG​-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guradylar.

Bu açyk sapak ýaşlaryň arasynda telekeçilik medeniýetini ösdürmekde, biznesi dogry gurmagyň esaslaryny öwretmekde möhüm ädim boldy. Şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi geljekde üstünlikli telekeçileriň sanynyň artmagyna oňyn täsir eder.

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar