DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapuryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenilip, yzygiderli dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de sebitara baglanyşygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşyk dostlukly ýagdaýda geçirilip, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek tassykladylar.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça foruma gatnaşdy

Azerbaýjanda СOP-29 halkara howa maslahaty başlaýar

Ata Watan Eserleri