DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Abuhijleh Rana bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapy ýurdumyzyň dünýä ýurtlary, şol sanda Palestina Döwleti bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem döwletleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary