TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

“Apple” kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Tim Kuk wezipesinden gidýär, täze CEO (baş direktor) wezipesine bolsa apparat inženeriýasy boýunça ýolbaşçy Jon Ternus bellenýär.

Kuk 2026-njy ýylyň tomsunyň ahyryna çenli kompaniýa ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirer. Ternus resmi taýdan 1-nji sentýabrda wezipesine girişer we direktorlar geňeşiniň düzümine goşular. Wezipesini tabşyrandan soň, Kuk ýerine ýetiriji başlyk wezipesini eýelär. Bu wezipede ol strategik meseleler we dürli ýurtlaryň hökümetleri bilen gatnaşyklar boýunça iş alyp barar.

Kuk öz beýanatynda toparyna minnetdarlyk bildirdi we “Apple” kompaniýasynda işlemegi durmuşynyň iň uly mertebesi diýip atlandyrdy, şeýle hem öz ornuna geljek adama doly ynanýandygyny nygtady. Kompaniýada 25 ýyldan gowrak wagt bäri işleýän Ternus “Apple” kompaniýasynyň ösüşini dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Täze wezipä bellenmezinden ozal Jon Ternus apparat inženeriýasy boýunça uly wise-prezident wezipesini eýeleýärdi we kompaniýanyň esasy önümleriniň, hususan-da “iPhone”, “iPad”, “Mac” seriýalarynyň işlenip düzülmegine, şeýle hem çipler we enjamlar ugrundaky tehniki çözgütlere jogap berýärdi. Ol “Apple” kompaniýasynyň enjamlarynyň arhitekturasyny we funksionallygyny kesgitleýän inženerler toparlaryna ýolbaşçylyk etdi.

2011-nji ýylda Stiw Jobsuň ornuna geçen Tim Kukuň ýolbaşçylygynda “Apple” kompaniýasynyň bazar bahasy 350 milliard dollardan 4 trillion dollara çenli ösdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady