PEÝDALY MASLAHAT

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasyny gurmak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 26-njy maýyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.

Related posts

Ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary : Täze düzgünler

Ata Watan Eserleri

Peýnirli we ysmanakly börek

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi