DÜNÝÄ

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Azerbaýjan Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Röwşen Najafyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň çakylygy bilen 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 16-17-ne Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Saparyň çäklerinde 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 16-synda Azerbaýjanyň wekiliýeti Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Çäräniň dowamynda gaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri, energiýa howpsuzlygy we durnukly energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalar alnyp baryldy.

Saparyň ertesi güni, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-sine R. Najafyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mari welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Çärelere Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow hem gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary