Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna sapary işjeň we netijeli häsiýete eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň dowamynda dostlukly ýurtda geçirilen halkara foruma gatnaşdy hem-de bu ýerde bolan duşuşyklarda ýurt üçin bähbitli gepleşikleri geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Liderini saparyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi taryhy ähmiýeti bolan wakalaryň üstüni ýetirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň barşynda özara hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlarynda alnyp barylýan işler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda, Türkmenistan bilen Agentligiň arasyndaky Ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy, tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerindäki milli taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Liderini saparyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fatima Rabab, BMG-niň UNIDO guramasynyň baş direktory Gerd Müller bilen duşuşyklar geçirdi.
