BILIM

Iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçirilýän V halkara internet olimpiadasy geçirilýär. Bu abraýly bäsleşik dünýäniň 32 döwletinden hasaba alnan ýaşlaryň arasyndan saýlanan, 15 ýurduň 48 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ýüzlerçe zehinli talyplaryny bir sanly meýdançada birleşdirdi.

Dabaraly çäre institutyň uly mejlisler zalynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, onda häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bir hatarda, Beýik Britaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Indoneziýanyň meşhur ylym-bilim ojaklarynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary onlaýn arkaly dabara goşulyp, özara tejribe alyşdylar.

Dabara gatnaşan halkara bilermenleriň her biriniň çykyşy özboluşly ylmy we ruhy mazmuna baý boldy. Olaryň baý mazmunly çykyşlary talyplaryň ylma bolan höwesini has-da artdyryp, ýaşlary täze belentliklere ruhlandyrdy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu olimpiada diňe bir talyplaryň dil bilimlerini synlaman, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim gatnaşyklarynyň täze köprülerini gurmaga ýol açýar. Iki günüň dowamynda, ýagny 10-11-nji aprel aralygynda talyplar iňlis diliniň nazaryýeti we amaly ulanylyşy boýunça özara bäsleşip, özleriniň intellektual ukyplaryny görkezerler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi