JEMGYÝET

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Russiýa Federasiýasy 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň möhüm çärelerine ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda habar berdi.

Diplomatyň bellemegine görä, öňde boljak saparlara taýýarlyk alnyp barylýar we bu ýagdaý Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň aýratyn derejesini görkezýär.

Ilkinji möhüm waka Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustiniň sapary bolar. Ol 22-nji maýda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Guramaçylyk işleri häzirki wagtda soňky tapgyra ýetdi: golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda degişli taýýarlyk teswirnama gol çekildi. Resminama Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew we GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow tarapyndan gol çekildi.

Ýylyň ikinji esasy wakasy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň sapary bolar. Ol 9-njy oktýabrda Türkmenistana gelip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar. Ýokary derejeli duşuşyk Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov