DÜNÝÄ

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomat öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem, ýokary derejedäki saparlaryň we gatnaşyklaryň syýasy dialogy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara düzümleriň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn dialogy ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işewür toparlaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda mümkinçilikleri, bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesindäki işine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy