BILIM

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasy «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan özara gyzyklanmalary nazara alýan bu resminama, ylym ulgamynda utgaşdyrmany çuňlaşdyrmaga, onuň innowasion gazananlaryny bilim işinde ulanmaga hem-de medeni baglanyşyklary durnukly ösdürmäge gönükdirilendir.

Ylalaşygyň çäklerinde taraplar bilim maksatnamalarynyň hilini üpjün etmek üçin okuw-usuly resminamalaryny alyşmak, şeýle hem talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen akademik hereketliligi amala aşyrmak barada ylalaşyga geldiler.

Resminama ylym we bilim ulgamynda düýpli hem-de amaly barlaglary alyp barmagy, bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmegi we halkara ylmy maslahatlara, simpoziumlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen birlikde, taraplar iki ýokary okuw mekdebiniň gazanan üstünliklerini görkezýän ylmy neşirleriň we okuw gollanmalarynyň alyş-çalyşyny ýola goýmak, şeýle hem uzak aralykdan okatmak maksatnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamak barada möhüm ylalaşyklary gazandylar.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy