JEMGYÝET

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ynsnaperwer gatnaşyklaryň okgunly ösdüirilmegi bilen, Hytaý jemgyýetinde Türkmenistana we türkmen diline bolan gyzyklanmasy yzygiderli ýokarlanýar. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen metbugat brifingde mälim etdi.

«Hytaý jemgyýetinde Türkmenistana we türkmen diline bolan ünsi hem artýar. Dürli ugurlarda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň berkemegi bilen, hyzmatdaşyň dilini bilýän hünärmenlere iki ýurduň zähmet bazarlarynda uly isleg bildirilýär» diýip, diplomat belledi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde we 10 sany orta mekdebinde hytaý dili öwredilýär, 6,5 müňe golaý türkmen talyby bolsa Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar.

Szi Şumin Hytaýyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hytaý dilini biliş derejesini barlaýan synag merkezini açmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ädim hytaý dilini öwrenýän türkmenistanlylar üçin has amatly şertleri döretmäge we iki ýurduň bilim hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Şeýle-de, ilçi taraplaryň hünär bilimi ugrunda täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmegiň üstünde işleýändiklerini we Türkmenistanda ilkinji «Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegini babatda işleriň alyp barýandyklaryny belledi.

«Hytaý bilim we medeni alyş-çalyş ulgamynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr» diýip, diplomat nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler