Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Diýarymyzyň ähli sebitlerinden medeniýet ulgamynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýolbaşçylary we işgärleri, dessançy bagşylar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dessanlar halkyň durmuşyny, gahrymançylykly ýoluny, arzuwlaryny, taryhy wakalary beýan edýän uly göwrümli halk döredijilik eserleridir. Nygtalyşy ýaly, halkymyz “Gorkut ata”, “Görogly”, “Şasenem-Garyp”, “Leýli-Mejnun”, “Ýusup-Ahmet” ýaly dessanlar arkaly Watana wepalylyk, gahrymançylyk, dostluk, mertlik, ynsanperwerlik häsiýetlerini nesilleriň kalbyna guýupdyrlar. Goşgy bilen kyssanyň sazlaşykly utgaşmasy türkmen dessanlarynyň özboluşly aýratynlygydyr. Bagşylaryň oňa saz goşup, täsirli dilde beýan etmek ýoluny döretmekleri bu mirasyň milli medeniýetde ebedi gymmatlyga öwrülmegine şert döredipdir.
Türkmenistan 2011-nji ýylda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň hödürnamasy boýunça «Görogly» dessançylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bu abraýly sanawa gioşuldy.
Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda bagşyçylyk we dessançylyk sungatynyň ösüşi, häzirki zaman usullar bilen baýlaşdyrylyşy baradaky çykyşlar diňlenildi.
Festiwalyň çäklerinde halypa dessançylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, milli bagşyçylyk we dessançylyk sungatynda yz goýan şahsyýetleriň döredijiligine bagyşlanan duşuşygyň guralmagy meýilleşdirilýär. Festiwalyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara diplom we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Umuman, bu festiwal milli medeniýetimiziň dessançylyk däplerini çuňňur öwrenmekde we wagyz etmekde ähmiýetli çärä öwrüler.
