JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza we Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdomuhamedowa Oraza baýrmy hem-de Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi.

Türkiýäniň Prezidentiniň Oraza baýramy mynasybetli gutlagynda şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Yslam dünýäsine we tutuş adamzada asudalyk, parahatçylyk getirmegine umyt baglanylýan bu mübärek baýram gününde Beýik Biribardan jebisligimizi hem-de agzybirligimizi pugtalandyrmaga medet bermegini dileýärin.

Halkymyzyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Nowruz baýramy mynasybetli iberen gutlagynda bolsa şu setirler bar: 

– Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny öz adymdan we halkymyzyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Asyrlarboýy dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramy tutuş adamzada ýagşy umyt-arzuw, rysgal-bereket paýlaýar. Umumy medeni giňişlikde her ýyl bellenilýän bu baýram dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly ruhy binýatdyr. Nowruz häzirki döwürde halklaryň arasynda parahatçylyk, ylalaşyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermäge çagyrýan ajaýyp baýramdyr.

Ýene-de okaň

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi