JEMGYÝET

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Türkmenistanyň garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunçatürgeni Döwletjan Ýagşymyradow (25-8-1) 16-njy aprelde Belfastda geçiriljek PFL ýaryşynyň çäklerinde awstraliýaly Taýson Pedro (10-5) bilen duşuşar. Tutluşyk ýarym agyr agramda geçer.

Liganyň häzirki reýtinginde Ýagşymyradow ikinji orunda, Pedro bolsa sekizinji orunda durýar. Awstraliýaly türgen üçin bu PFL-däki ilkinji duşuşygy bolar. Iki ýyl ozal Pedro UFC-den ýeňliş bilen gaýdanyndan soň, MMA karyerasyny tamamlaýandygyny yglan edipdi.

PFL-iň ýarym agyr agramdaky häzirki çempiony amerikaly Kori Anderson (20-6, 1 NC) bolup durýar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň çempionlyk tutluşygynda Anderson eminleriň karary bilen Ýagşymyradowy ýeňipdi.

Ýagşymyradow dürli ýyllarda ACB we ACA guramalarynyň çempiony bolupdy, 2024-nji ýylda bolsa PFL-iň ýarym agyr agram boýunça Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

Related posts

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy

Türkmen halky 4 günläp Gurban baýramyny bellär