2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary yrakly diplomaty mähirli garşylady we Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karar üçin yrak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Şunda doganlyk ýurduň diplomatik wekilhanasynyň doly derejeli işlemegi üçin Türkmenistanyň zerur bolan ähli kömekleri bermäge taýýardygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň, şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandygy bellenildi. Ýatlap geçsek, şeýle geňeşmeleriň iň soňkusy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Bagdat şäherinde geçirilipdi.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak, şol sanda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini gözden geçirdiler. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny, hususan-da ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri, iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, aýratyn-da halkara meýdançasynda çalt depginler bilen ösendigini aýratyn nygtamak gerek.
