MEDENIÝET

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylar

Türkmenistan Azerbaýjanda “Harybülbül” festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen filmleriniň halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünligi

Türkmenistanda atlaryň saglygyna emeli aň arkaly gözegçilik ediler

Türkmen hünärmenleri Türkiýede guralan halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler