SPORT

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo Ispaniýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda çykyş edýän “Almeriýa” futbol klubynyň paýlarynyň 25%-niň eýesi boldy. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berýär.

“Diňe meýdançada däl, eýsem futbola meýdançanyň daşynda-da öz goşandymy goşmagy eýýämden bäri arzuw edýärdim. ‘”Almeriýa” — berk binýady bolan we ösüş üçin aýdyň mümkinçilikleri bar bolan ispan kluby. Men klubyň ösüşiniň indiki tapgyryny goldamak üçin ýolbaşçylar bilen bilelikde işlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Ronaldo nygtady.

Ronaldonyň 41 ýaşy bar, ol Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisi, milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp pökgi geçiren oýunçydyr.

Portugaliýaly futbolcy bäş gezek “Altyn topa” mynasyp boldy. 2022-nji ýylyň dekabrynda futbolçy Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubyna geçdi. Ol karýerasy boýunça Portugaliýanyň “Sporting”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted”, Italiýanyň “Ýuwentus” we Ispaniýanyň “Real Madrid” klublarynda hem çykyş etdi.

“Almeriýa” Ispaniýanyň ikinji diwizionynda 27 oýunda 48 utuk toplap, üçünji orny eýeleýär we ýokary diwizionyna çykmak ugrundaky pleý-off zolagynda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy