JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Täze ýylyň başlangyjyny alamatlandyrýan bu nurana baýram kalplary parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk umydy bilen dolduryp, gadymdan bäri adamlary ýakynlaşdyryp gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belleýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, iki ýurduň halklarynyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýetip gelen at ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler