BIZNES

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurduň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin, Merkezi bankyň, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň we «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, degişli banklaryň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy