JEMGYÝET

Türkmenistanda milli emeli aň strategiýasy taýýarlanar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistan GDA-daky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň we Owganystanyň ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylda hökümetara türkmen-türk mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkiýäniň ilçisi: 2025-nji ýylda türkmen raýatlaryna takmynan 120 müň wiza berildi