DÜNÝÄ

Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasy açyldy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän 27-nji ýanwar –  Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Esenguly etrap merkezinde etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Esenguly etrap merkeziniň binagärlik we şähergurluşyk görküni has-da baýlaşdyran bu binany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil ülňülerine laýyk gurmagy başarypdyrlar. Uludan tutulan dabaranyň dowamynda bu binanyň gurluşygynda zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Etrek etrap merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Altyn asyr» gümrük nokadynyň  işgärlerine  niýetlenen  dört  gatly, 2 we 3 otagly, 24 öýli  ýaşaýyş jaýy hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler onuň gurluşygynyň häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk  gelýändigini, ähli amatlyklary özünde jemleýändigini buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň  dowamynda   medeniýet we sungat ussatlarynyň  ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, joşgunly  çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gurat gurluşyk» hususy kärhanasynyň  gurluşykçylary alyp bardylar. Açylyş dabarasynda onuň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar we öý eýelerine bolsa öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar