DÜNÝÄ

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goşun ministri Daniel Driskoll we ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Serjio Gor sapar bilen Türkmenistanda boldular. Saparyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, myhmanlar üçin medeni maksatnama hem guraldy. Bu barada THP habar berýär.

Şeýlelikde, myhmanlar türkmen döwlet sirkine baryp gördüler. Olaryň öňünde dünýäniň alty gezek çempiony we 2025-nji ýyldaky Monte-Karlo festiwalynyň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş etdi.

Wekiliýetiň aýratyn ünsüni türkmen alabaýlary hem çekdi. Türkmen alabaýy iň gadymy it tohumlarynyň biri hasaplanýar, onuň taryhy takmynan 3-6 müň ýyla uzaýar. Tohumyň özboluşlylygy onuň biziň günlerimize çenli asyl durkuny saklap galandygyndadyr.

Şeýle hem, amerikaly myhmanlar üçin Aşgabatdan 18 kilometr uzaklykda ýerleşýän meşhur taryhy ýadygärlik — Gadymy Nusaýa gezelenç guraldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

5,6 million raýat ses berdi

Ata Watan Eserleri