DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Syýasy-diplomatik gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary we saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar hünär bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem aýratyn üns berdiler.

Ýene-de okaň

Trampyň ýolbaşçylygynda Dawosda “Parahatçylyk geňeşi” döredildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Bütindünýä türki diller maşgalasy güni bellendi

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

Çad Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

Ýaponiýa Türkmenistan bilen sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Gazagystanda wise-prezident wezipesini girizmek teklip edildi