DÜNÝÄ

Türkmenistandaky sport we medeni çäreler üçin media topary döredildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» geçiriljek köpçülikleýin sport we medeni çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Нalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň žurnalistika hünärinde bilim alýan zehinli talyplaryndan we halkara derejesinde geçirilen çärelere işjeň gatnaşýan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan habarçylar (media) toparynyň döredilmegi bilen bagly maslahat geçirildi.

Bu toparyň düzüminde 12 sany mugallym hem-de 76 sany talyp hasaba alyndy. Maslahatyň çäklerinde häzirki wagtda döredilen habarçylar (media) topary bilen guramaçylyk işleriniň alnyp barylyşy dogrusynda çykyşlar edildi.

Şeýle hem toparyň agzalary 2026-njy ýylyň dowamynda geçiriljek Döwlet maksatnamasynda meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly şöhlelendirmek barada ýörite okuw sapaklarynyň guralmagy bilen bagly meseleler dogrusynda maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy