JEMGYÝET

Messi hem Türkmenistana gelip bilermi?

Lionel Messi eger täze we uly teklibi kabul etse, geljekde onuň Türkmenistana gelmegi teoretiki taýdan mümkin bolup biler. Elbetde, munuň üçin diňe bir şert däl, birnäçe möhüm ýagdaýyň gabat gelmegi zerur.
Kristiano Ronaldonyň Türkmenistana gelip-gelmejegi ýakyn wagtda belli bolar. Emma eger käbir şertler ýerine ýetirilse, bu ýagdaý Messä hem gyzyklanma döredip biler.
Geliň, ilki bilen meseläniň esasy bolan habaryna üns bereliň.
Saud Arabystanynyň futbol kluby «Al-Ittihad»-yň prezidenti Anmar Al Haili, argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messi bilen baglanyşykly örän uly we adaty bolmadyk teklip barada çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, eger Messi Saud Arabystanyna geçmäge razy bolsa, klub oňa ömürlik güýjünde boljak şertnama hödürlemäge taýýar.
Prezident Al Haili bu sözleri metbugat bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ol Messiniň şertleriniň, şertnamanyň möhletiniň we maliýe tarapynyň doly derejede futbolçynyň özi tarapyndan kesgitlenip bilinjekdigini nygtady. Şeýle-de bolsa, bu çykyş resmi teklip ýa-da gol çekilen şertnama däl, diňe klubuň niýetini we islegini görkezýän beýanat hökmünde bahalandyrylýar.
Häzirki wagtda Lionel Messi ABŞ-nyň «Inter Miami» kluby bilen şertnamaly bolup, onuň geljegi boýunça başga klublar bilen baglanyşykly hiç hili resmi ylalaşyk ýok. Şonuň üçin «Al-Ittihad» tarapyndan aýdylan “ömürlik şertnama” meselesi häzirki tapgyrda diňe gürrüň derejesinde galýar.
Messiniň Türkmenistana gelmegi üçin nähili şertler zerur?
1. Ilki bilen Messi bilen baglanyşykly bu teklip amala aşmaly.
Bolarmy ýa bolmazmy — ony diňe wagt görkezer.
2. «Al-Ittihad» AFK (AFC Champions League) gatnaşmaly we Türkmenistanyň futbol topary bilen şol bir toparça düşmeli.
«Al-Ittihad» kluby AFK-nyň taryhynda iki gezek çempion bolan klub bolany üçin, bu teoretiki taýdan mümkin bolan ýagdaýdyr. Ýagny klub AFK-a gatnaşsa, şeýle duşuşyk mümkin bolup biler.
3. Türkmen futbol toparynyň AFK-da çykyş etmegi we «Al-Ittihad» bilen duşuşmagy.
Bu ýagdaýyň bolmagy häzirlikçe belli däl, ony hem wagt görkezer.
Emma kim bilýär? Eger Kristiano Ronaldo Türkmenistana gelse, bu ýagdaý Messiniň hem gyzyklanmagyna sebäp bolup biler. Elbetde, häzirki wagtda bu ýagdaýlar millionda bir ähtimallyk ýaly görünýär.
Ýöne futbolda we sport diplomatiýasynda käwagt iň garaşylmadyk ýagdaýlar hem hakykata öwrülýär.
Netijede, ähli zat wagt bilen belli bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi