BIZNES

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda häzirki wagtda milli toparlar döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar.

Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär