Öň habar berşimiz ýaly, amerikan metbugatynda ABŞ-nyň käbir ýurtlaryň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryna çäklendirme girizmegi mümkinligi barada maglumatlar peýda bolupdy. Bu barada biz hem saýtymyzda ýörite habary Size ýetiripdik. Häzirki wagtda bu mesele boýunça resmi tassyklama hem çap edildi.
ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi Travel.State.Gov sahypasynda çap edilen
“Immigrant Visa Processing Updates for Nationalities at High Risk of Public Benefits Usage” atly beýannama görä, Amerika Birleşen Ştatlary 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalarynyň berilmegini wagtlaýyn togtadýar.
Resmi beýannamada bellenilişine görä, Prezident Donald Trump immigrantlaryň maliýe taýdan öz-özüne ýeterlik bolmalydygyny we amerikan jemgyýeti üçin maliýe ýüki bolmaly däldigini aç-açan nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi ýokary töwekgelçilikli hasaplanylýan ýurtlardan gelen immigrantlaryň ABŞ-nyň sosial üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanmazlygyny üpjün etmek maksady bilen ähli syýasatlary, düzgünnamalary we görkezmeleri giňişleýin gözden geçirýär.
Bu çäre 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Näme togtadylýar, näme togtadylmaýar?
Bu çäre diňe immigrasiýa wizalaryna (Green Card) degişli. Turist, talyp, iş wizalary ýaly immigrasiýa däl (nonimmigrant) wizalar häzirki wagtda bu çäklendirmä degişli däl.
Immigrasiýa wizalary wagtlaýyn togtadylýan 75 ýurduň doly sanawy
Afghanistan, Albania, Algeria, Antigua and Barbuda, Armenia, Azerbaijan, Bahamas, Bangladesh, Barbados, Belarus, Belize, Bhutan, Bosnia and Herzegovina, Brazil, Burma, Cambodia, Cameroon, Cape Verde, Colombia, Cote d’Ivoire, Cuba, Democratic Republic of the Congo, Dominica, Egypt, Eritrea, Ethiopia, Fiji, The Gambia, Georgia, Ghana, Grenada, Guatemala, Guinea, Haiti, Iran, Iraq, Jamaica, Jordan, Kazakhstan, Kosovo, Kuwait, Kyrgyz Republic, Laos, Lebanon, Liberia, Libya, Moldova, Mongolia, Montenegro, Morocco, Nepal, Nicaragua, Nigeria, North Macedonia, Pakistan, Republic of the Congo, Russia, Rwanda, Saint Kitts and Nevis, Saint Lucia, Saint Vincent and the Grenadines, Senegal, Sierra Leone, Somalia, South Sudan, Sudan, Syria, Tanzania, Thailand, Togo, Tunisia, Uganda, Uruguay, Uzbekistan, and Yemen.
Habaryň Resmi sorag–jogap bölümi (FAQ)
Immigrasiýa wiza boýunça öň alnan söhbetdeşlik näme bolar?
Resmi maglumatlara görä, degişli ýurtlaryň raýatlary: immigrasiýa wizasy üçin arzalaryny tabşyryp bilerler; wiza söhbetdeşligine gatnaşyp bilerler. Emma bu wagtlaýyn togtatma döwründe şol ýurtlaryň raýatlaryna immigrasiýa wizasy berilmez. ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi wiza söhbetdeşliklerini meýilleşdirmäge dowam eder.
Bu çäklendirmä girmeýän ýagdaý barmy?
Hawa. Iki raýatlygy bolup, sanawda görkezilmedik bir ýurda degişli pasport bilen ýüz tutýan adamlar bu wagtlaýyn togtatmadan azat edilýär.
Bu karar meniň häzir bar bolan wizamy täsir edermi?
Ýok. Bu görkezmä laýyklykda hiç bir bar bolan immigrasiýa wizasy ýatyrylmady. ABŞ-a giriş bilen bagly soraglar boýunça ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrligine (DHS) ýüz tutulmalydyr.
Bu çäre turist wizalaryna-da degişlimi?
Ýok. Bu wagtlaýyn çäre diňe immigrasiýa wizalaryna degişlidir. Turist wizalary immigrasiýa däl wizalar bolup, bu çäklendirmä degişli däl.
Ýokardaky resmi sorag-jogapda, ýa-da habaryň özünde bu barada aýratyn bellik ýok. Emma, muňa garamazdan şeýle sorag döreýär: Öňki gadagançylyklar aradan aýrylýarmy?
Öň immigrasiýa wizasy boýunça gadagançylygy bolan käbir ýurtlar bu täze sanawda bar, käbirleri bolsa ýok. Bu ýagdaý öň gadagançylygy bolan käbir ýurtlar üçin çäklendirmäniň aradan aýrylyp-aýrylmandygy baradaky soragy döredýär.
Bu soragyň anyk jogaby diňe degişli ýerine ýetiriji we kanunçylyk resminamalary doly çap edilenden soň belli bolar. Şol sebäpli, bu barada häzirden anyk jogap bermek mümkin däl.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
