Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-13-i aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirilýär:
A derejä – 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylar, olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar gatnaşyp biler;
B derejä – ýaşy 15,5 geçmedik okuwçylar gatnaşyp biler.
Gatnaşyjy ýurtlar üçin iki derejede hem okuwçy (gatnaşyjy) sanynda çäklendirme ýokdur.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar we olaryň topar ýolbaşçylary 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan 1-nji apreline çenli hasaba alynýar.
Olimpiada gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň hem-de ýolbaşçylarynyň iýmit, ýaşaýyş jaý, ýurduň çägindäki awtotransport we olimpiada geçýän döwründäki syýahatçylyk bilen baglanyşykly çykdajylaryny bäsleşigi geçirýän ýurt öz üstüne alýar.
