Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty (hemayat.gov.tm) işe başlady. Onlaýn neşiriň işe girizilmegi Gaznanyň işini ösdürmegiň nobatdaky tapgyry bolup, ol amala aşyrylýan ynsanperwer başlangyçlar baradaky maglumatlaryň açyklygyny we elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda döredildi. Döredilen pursatyndan bäri Gazna aýratyn üns-alada, lukmançylyk kömegine we durmuş goraglylygyna mätäç çagalary goldamak boýunça ulgamlaýyn işleri amala aşyrýar.
Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek, bilimi goldamak, şeýle hem ynsanperwer kömegini bermek Gaznanyň işiniň esasy ugurlarydyr. Saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara, ene-atasynyň hemaýatyndan mahrum galan we kyn durmuş ýagdaýlaryna düşen çagalara aýratyn üns berilýär. Gaznanyň işi hem milli, hem halkara ynsanperwer taslamalaryny öz içine alýar.
Gaznanyň resmi web-saýty döwrebap maglumat platformasy bolup, onda guramanyň maksady we ileri tutýan ugurlary, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, haýyr-sahawat çäreleri we gazanylan netijeler baradaky maglumatlar ýerleşdirilendir.
Ulanyjylar täzelikler, edilen işler baradaky hasabatlar we möhüm başlangyçlar bilen tanşyp bilerler. Giň okyjylar köpçüligine amatly bolmagy üçin saýt üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär.
Web saýtyň işe girizilmegi jemgyýetçilik, hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň netijeli guralyna öwrülmäge, şeýle hem çagalygy goramak ulgamyndaky haýyr-sahawat işleriniň mundan beýläk-de ösmegine ýardam bermäge niýetlenendir.
