TEHNOLOGIÝA

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler

Pekiniň hökümeti ýakyn iki ýyl üçin emeli aň (EA) pudagyny ösdürmegiň uly göwrümli meýilnamasyny hödürledi. Bu meýilnamanyň maksady şäheri dünýäniň öňdebaryjy emeli aň merkezine öwürmekden ybaratdyr.

Maksatnamalaýyn resminama görä, Pekin emeli aňyň esasy pudagynyň möçberini 1 trillion ýuana (takmynan 140 milliard dollar) ýetirmegi maksat edinýär. Bu bolsa 2025-nji ýyl üçin çaklanylýan 450 milliard ýuanlyk görkezijiden iki esseden hem köp ösüş diýmekdir.

Taslama senagatyň esasy ugurlaryny öz içine alýan 9 sany strategik başlangyjy durmuşa geçirmäge esaslanýar. Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde düýpli tehnologik öňegidişliklere ýetmek, maglumatlar toplumynyň hilini ýokarlandyrmak we emeli aň çözgütlerini ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna çuňňur ornaşdyrmak bellenildi.

Tehniki ösüş bilen bir hatarda, programma ýokary hünärli hünärmenleri çekmek, uzak möhletleýin maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça çäreler toplumyny göz öňünde tutýar.

Pekiniň ösüş we özgertmeler baradaky munisipal komitetiniň başlygy Ýan Sýulin özgermeleriň tehnologik binýadynyň 100 müňden gowrak çip kuwwaty bolan hasaplaýyş klasteriniň döredilmegi, pudakda 10-dan gowrak täze öňdebaryjy kompaniýanyň we 20-den gowrak “ýeke-täk” (unicorn) firmanyň peýda bolmagy bilen baglydygyny nygtady.

“Bu çäreler Hytaýyň paýtagtynyň dünýäde birinji emeli aň merkezi bolan şähere öwrülmegini çaltlandyrmaga gönükdirilendir” diýip, ol belledi.

Hytaýyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary akademiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli emeli aň pudagynda 5300-den gowrak kärhana hasaba alnyp, bu görkeziji dünýädäki umumy kärhanalaryň 15%-ine deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar