JEMGYÝET

2026-njy ýyl – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyryldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyryldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa söz berildi.

2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň kararyny okady.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup geçirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutany milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi