JEMGYÝET

Kanadada garyň galyňlygy rekord derejä çykdy

Kanadada 18-nji ýanwarda rekord derejede gar ýagdy ― diýip, CBC habar berýär. Onuň galyňlygy 3 metre ýetdi diýip habarda aýdylýar.

Güýçli gar tupany ýurduň Nýufaundlend adasyndaky müňlerçe hojalyga barýan ýoly tutuş bekledi. Gambo, Trepassi, Sent-Jonsu, Paradaýz we başga şäherlerde garyň galyňlygy rekord derejä çenli ýetdi.

Häzir Kanadanyň hökümeti garyň basan ýollaryny arassalamak, onuň ýaşaýyşa ýetirýän zeperini mümkin bolan derejä çenli azaltmak boýunça işleri alyp barýar.

Related posts

Ýewro 2020: Angliýa we Niderlandlar ýeňiş bilen başlady

Aba Annaýew şäherçesiniň saýlanylan geňeş agzalaryna şahsyýetnama gowşuryldy

Tähran duşuşygy: VI Hazar sammitine taýýarlyk güýçlendirilýär