JEMGYÝET

«Arkadag» toparyndan taryhy netije: pleý-off tapgyryna çykdy

Geçen möwsümde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» topary «AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginde taryhy netije gazandy.

Aziýa yklymynyň abraýly bäsleşiginde çykyş edýän ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary toparçalaýyn bäsleşigiň jemleýji, bäşinji tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp, utulan-çykdy tapgyryna çykmagy başardy. Toparymyza ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minutynda Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.

Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde, “B” toparçada 10 utuk toplan «Al-Ahli» (Katar) topary birinji orny eýeledi. 7 utugy bolan “Arkadag” topary bolsa utulan-çykdy bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik berýän ikinji orny eýelemegi başardy.

Related posts

Asyalı spor uzmanları Olimpiyat Köyünü inceledi

vepa

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Eric Stuart ile röportajımız Türkmen-Amerikan iş konseyi sitesinde

vepa