DÜNÝÄ

Ekwatorial Gwineýa Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekabandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Myhman ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň adyndan Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny geljekde-de goldajakdygyny belledi hem-de şu ýyl dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrylan, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekaban sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň III mejlisi geçirilýär

Täjigistan emeli aň boýunça kanunçylyk binýadyny döredýär

Türkmenistan Tähranda Owganystan boýunça sebit duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

Türkmenistanda gar gatyşykly ýagyşly howa garaşylýar