JEMGYÝET

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary başlandy

Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy we dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana sapary başlandy.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Aşgabatda iri halkara foruma, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki dabaraly çärelere gatnaşar.

Prezident Sadyr Žaparowyň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.

Related posts

Messi hem Türkmenistana gelip bilermi?

Da­şo­guz at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň ça­puw ýo­da­sy­nyň dur­ky tä­zelener

Türkmenistanda 100-den gowrak ulag-logistika kompaniýasy döredildi

Ata Watan Eserleri