JEMGYÝET

Türkmenistanda 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklaryny tölemeklik bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeli barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň ösen nusgasy

vepa

Indi alyp baryjy hem bolar

Türkmen wekiliýeti 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy

vepa