BILIM

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, hanym Farýal Legariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegi, hereket edýän hyzmatdaşlyk hakynda özara baglaşylan resminamalar esasynda netijeli işleriň alnyp barylmagy we olaryň sanynyň artdyrylmagy gepleşikleriň esasy özenini düzdi.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly we hoşniýetli häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda has hem gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny taraplar buýsanç bilen belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministri hormatly myhmany ýurdumyzda bilimiň hilini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler hem-de milli we halkara derejesinde ýetilen sepgitler barada tanyşdyrdy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilýän halkara derejesindäki maslahatlara, halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara pakistanly ýaşlaryň işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, hyzmatdaşlygyň miwesi hökmünde baha berildi.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berip, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge isleg bildirdi. Hususanda, Ilçi türkmenistanly ýaşlaryň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly ýerler esasynda bilim almaklary, talyp alyş-çalyş okuw maksatnamalary, iki ýurduň bilim wekiliýetiniň özara tanyşdyryş saparlarynyň guralmagy babatda mümkinçilikleriň bardygyny habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar