Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji mejlisine gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady sebitiň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek, birek-birege ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny we ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmek, olaryň döwlet dolandyryşyna, jemgyýetçilik, ykdysady we medeni ösüşe goşýan goşandyny wagyz etmekden ybarat boldy.
Meýilnama laýyklykda, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly zenanlar dialogynda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň dowamynda Mejlisiň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti hem-de parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde zenanlaryň tutýan orny, bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada bellediler.
Şeýle hem ýurdumyzda zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornunyň barha artýandygyny bellemek bilen, olaryň döwlet dolandyryşynda, bilimde, saglygy goraýyşda, jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändiklerini nygtadylar.
Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda döredilen Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döwrüň möhüm meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygyny bellediler. Türkmenistanyň we bu Merkeziň bilelikdäki işiniň, esasy maksatlara – Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, maslahatda sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda zenanlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
